Iki milliondan gowrak musulman Haj parzyny ýerine ýetirdi

Haj parzyny ýerine ýetirmek maksady bilen mukaddes topraklara baran 2 milliondan gowrak musulman hajy boldy

2153473
Iki milliondan gowrak musulman Haj parzyny ýerine ýetirdi

Arafatdaky parzyny ýerine ýetiren we ondan soň awtobuslar bilen Müzdelife geçen hajy dalaşgärleri, wakfe dogasyny amala aşyryp, şeýtan daşlamak maksady bilen daş ýygnadylar. 

Musulmanlar gije topralar görnüşinde takmynan 3,5 km ýoly ýöräp geçen Jemeratdaky şeýtdan daşlamak meýdanynda, uly şeýtan diýip atlandyrylýan "Akabe jemresine" 7 daş zyňdylar. 

Köp sanda musulman şeýtan daşlamak çäresinden soň, uzak ýol ýöräp ýeten Käbede hajy zyýaratyny we ýörişini ýerine ýetirip, saçlaryny syranlaryndan soň, yhramdan çykdylar. 

Şeýlelik bilen wezipelerini tamamlan musulmanlar hajy boldular. 

Hajylaryň bir bölegi erte we baýram namazlaryny Käbede okadylar. 


Etiketkalar: #hajy , #Käbe , #haj parzy

Degişli Habarlar