ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň Detroýt şäherinde ýerleşýän akwaparkda guralan ýaragly hüjümde 2-si çaga jemi 9 adam ýaralandy

2153423
ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

Oklend şäheriniň şerifi Maýk Buşar geçiren metbugat ýygnagynda yssy howa sebäpli akwaparka baran maşgalalaryň hüjüme sezewar galandygyny habar berdi. 

Ýaragly hüjümde 2-si çaga jemi 9 adamyň ýaralanandygyny aýdan Maýk Buşar, 8 ýaşyndaky çaganyň maňlaýyndan atylandygyny we saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny mälim etdi. 

Maýk Buşar ýaralanan adamlaryň sanynyň artyp biljekdigini, hüjümçiniň bolsa öz janyna kast edip ölendigini aýan etdi. 


Etiketkalar: #ýaragly hüjüm , #ABŞ

Degişli Habarlar