Ysraýylyň Gazadaky hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagynyň günortasyndaky Rafah şäheri bilen Gaza şäheriniň merkezinde guran hüjümlerinde ýogalan we ýaralanan palestinalylaryň bardygy mälim edildi

2153427
Ysraýylyň Gazadaky hüjümleri dowam edýär

Palestinanyň resmi habarlar agentligi WAFA tarapyndan berilen habara görä, Ysraýylyň harby uçarlary Gaza şäheriniň merkezi bilen Rafah şäherine hüjümler guradylar. 

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gazanyň aş-Şati bosgun düşelgesiniň günbataryndaky öýleriň birine guran hüjüminde ýogalan we ýaralanan palestinalylaryň bardygy aýan edildi. 

Ysraýylyň harby uçarlarynyň mundan başgada Rafah şäheriniň günbatarynda ýerleşýän Tel as-Sultan etrapçasyndaky öýleriň birini nyşana alyp hüjüm guramagy netijesinde köp sanda palestinalynyň ýogalandygy we ýaralanandygy beýan edildi. 


Etiketkalar: #Rafah , #hüjüm , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar