Ysraýyl 8 esgeriniň ölendigini tassyklady

Ysraýylyň goşuny Gazanyň günortasynda başdan geçirilen çaknyşyklarda 8 esgeriniň ölendigini tassyklady

2153451
Ysraýyl 8 esgeriniň ölendigini tassyklady

Hamasyň harby şahasy Izeddin al-Kassam brigadasynyň Gazanyň günortasyndaky Rafah şäherinde amala aşyran garyşyk bukuda ysraýylly esgerleriň arasynda ýogalanlaryň we ýaralananlaryň bardygyny aýtmagyndan soň, Ysraýylyň goşunyndan ýazmaça beýanat berildi. 

Beýanatda Gazanyň günortasyndaky çaknyşyklarda 1-i rotanyň serkerdesiniň orunbasary jemi 8 esgeriň öldürlendigi mälim edildi. 

Ýedioth Ahronot gazediniň berýän habarynda esgerleriň Rafah şäheriniň Tel as-Sultan bosgun düşelgesiniň golaýynda sowutly ulag bilen barýarkalar, ýolda ýerleşdirilen partlaýjynyň partlamagy netijesinde ölendiklerini habar berildi. 

Şeýelik bilen Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri ölen ysraýylly esgerleriň sany 306-sy gury ýer basyp alyşlygynda bolmak bilen jemi 658-e ýetdi. 

Hüjümlerde mundan başgada 1936-sy gury ýer basyp alyşlygynda bolmak bilen jemi 3 müň 835 ysraýylly esger ýaralandy. 



Degişli Habarlar