Putin bilen Obama arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

320171
Putin bilen Obama arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Putin bilen Obamanyň arasynda bolan söhbetdeşlikde Ukrainanyň gündogary we Ýakyn Gündogardaky soňky wakalar ara alynyp maslahatlaşyldy.

Ak Tam tarapyndan berilen beýanata görä Obama Putini Russiýanyň goşunyny we ýaraglaryny Ukrainadan aýyrmagy babatynda duýdurdy.

Iki lider mundan başgada terror guramasy DAEŞ bilen göreşde bilelikde hereket etmek meselesinde özara pikir alyşdylar.

Siriýadaky meseleleri maslahatlaşan Putin we Obama Eýran bilen ýadro gepleşiklerini alyp barýan P5+1 ýurtlaryň biri-birini goldamagynyň wajypdygyny nygtadylar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar