“Türkiýe, Gadyrly we Ynamdar Dost”

Atmar, Türkiýäniň owgan parahatçylyk gepleşiklerine ýer eýeçiligini etmegini isleýändiklerini belledi.

1601153
“Türkiýe, Gadyrly we Ynamdar Dost”

Owganystanyň Daşary işler ministri Hanif Atmar, Türkiýäni “gadyrly we ynamdar dost” hökmünde häsiýetlendirip, “Owgan parahatçylyk gepleşikleriniň Türkiýede geçirilmegi, hüjümleriň bes edilmegi we meseläniň syýasy taýdan çözülmegi taýdan esasy başlangyç bolar” diýdi.

 Twitterden beren habarnamasynda “Türkiýe gadyrly we ynamdar dost” diýen Atmar, Türkiýäniň Taliban bilen geçiriljek parahatçylyk gepleşiklerine ýer eýeçiligini etmeginiň Owganystanyň durnuklylygy üçin esasy başlangyçlardan biri boljakdygyny belledi.

Atmar, Türkiýäniň owgan parahatçylyk gepleşiklerine ýer eýeçiligini etmegini isleýändiklerini belledi.

Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin Russiýada 18-njy martda, Türkiýede hem aprel aýynda maslahatyň geçiriljekdigi habar berlipdi.



Degişli Habarlar