Blinken Protest Edildi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Senatda çykyş edýärkä Palestini goldaýanlar tarapyndan “Gaza gassaby hökmünde ýatlanarsyň” sözleri bilen protest edildi.

2142623
Blinken Protest Edildi

Entoni Blinken Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetinde ABŞ-nyň diplomatiýas, global kynçylyklar we 2025-nji ýylyň býujeti hakynda düşündiriş berýärkä, çykyşy protestler bilen kesildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary çykyşyna başlan mahalynda zaldaky gatnaşyjylardan biri, elindäki Palestina baýdagyna bilen ýerinden tutup; “Ysraýyl tarapyndan öldürilen Hind Rejeb 6 ýaşyndady. Blinken, sen Gaza gassaby hökmünde ýatlanarsyň. Sen bigünä palestinalylaryň ganhory hökmüde ýatlanarsyň” diýip, gydyrdy.

Palestinany goldaýan raýat polis tarapyndan daşary çykarylan bolsa, beýleki bir aksioner bolsa liende “Harby jenaýatçy” şygary bilen “Blinken harby jenaýatçydyr” diýip, şygar aýtdy.

3 protest aksiýasynyň dowamynda asuda garaşan Blinken, soň çykyşyny dowam etdirdi.

Ysraýylyň fewral aýynda Gazada bombalan ulaglaryndan biriniň içinde galan 6 ýaşly Hind Rejeb, özüne telefon eden Palestinanyň Ýarm Gyzylaý jemgyýetiniň işgärlerine “Hemmesi öldi, geliň meni alyň. Bärde ýeke galmak islemeýärin, gorkýaryn. Haýyş edýärin, meni almaklary üçin birini ugradyň” diýip, üç sagatlap ýalbarypdy. Emma Ysraýylyň güýçleriniň hüjümleri sebäpli halas edilip bilinmändi.

Ysraýylyň harby güýçleri 12 gün soň sebitden çekilende, bir ulagyň içinde Hind Rejebiň, daýysynyň, daýysynyň aýalynyň we 3 çagasynyň jansyz bedenleri tapylypdy.

 



Degişli Habarlar