TRT Radio

Ylmy we tehnologiki ösüşleriñ Türkiýä giç gelýänligi sebäpli zeýrenýäris. Radioçylyk taýdan bolsa ýagdaý beýle däl. Türkiýedäki radio ýaýlymlary 1927-nji ýylyñ 6-nji maýynda dünýädäkiler bilen tas deñ başlandyr. 1964-nji ýylyñ 1-nji maýynda TRT-niñ (Türkiýe Radio-telewideniýe guramasynyñ) döredilmegi bilen uly ähmiýet gazanýar.

Häzirki wagtda TRT radiolary; jemgiýetçilik ýaýlymçylygynyñ jogapkärçiligi, obýektiw ýaýlym garaýşy, dogry maglumaty sap türk dilinde bermek, habar, bilim, medeniýet, aýdym-saz mazmuny bilen; ýurduñ çar tarapynda jemgyýetiñ her bir gatlagyna özüni aldyrýar.

TRT Türkiýe radiolary; “Radio-1”, “Radio-2” (TRT FM), “Radiy-3”, “Radio-4”, 5 sany  sebitleýin radiostansiýalary (Antalýa, Çukurowa, GAP-Diýarbakyr, Erzurum, Trabzon), Türk klassiki aýdym-sazlaryny halaýanlar üçin “TRT Nagme”, Türk halk aýdymlaryny halaýanlar üçin “TRT Türkü”, “TRT Radio habar” hanaly we 32 dilde ýaýlym berýän Türkiýäniñ Sesi Radiosy we “Ýewropa Fm” (Awrupa FM) bilen radio ýaýlymlary taýdan Türkiýede we dünýäde esasy güýçlerden birine öwrüldi.

 

“TRT Radio-1”Bilim, medeniýet, habar kanaly… Haýsydyr bir zady öwrenmek isleýän her bir adam üçin…. 24 sagadyń dowamynda yzgiderli efirde...Ýüzlerçe sterio alyp berijisi bilen Türkiýäniñ çar  tarapynda, ýeriñ emeli hemrasy we internet arkaly dünýäde diñlemek mümkin. Bilim, sungat, edebiýat, teatr, sport, daşky gurşaw we ykdysadiýet… Durmuş hakynda ähli zat……Dogry, çalt we obýektiw habarçylyk.

TRT 1927-nji ýyldan bäri radiońyzyń bar bolan ähli ýerinde.

 

Radio-2”(TRT FM), TRT-nyñ özüne mahsus usuly bilen, TRT-niñ ýaýlym hili bilen her gün 24 sagat siziñ ýanyńyzda. Estrada aýdym-sazlaryny dykgatyñyza ýetirýär. Siziñ isleg bildirýän aýdym sazlaryñyzy ýaýlyma berýär. Ýüzlerçe sterio alyp berijisi bilen 99,9 hyzmat ediş çäginde Türkiýäniñ çar tarapynda, ýeriñ emeli hemrasy we internet arkaly bütin dünýäde. Syrdaşyñyz, dostuñyz, ýoldaşyñyz…..

TRT FM Alysy ýakynlaşdyrýan radio.

 

 “Radio 3”Elwis Presliden Żoan Baeze, Frenk Sinatradan Çaýkowska, Mosartdan Sara Wona aýdym-saz ussatlarynyñ iñ saýlama eserlerini hödürleýän, klassiki saz bilen döwrebap sazy birleşdirýän radio. Ýokary hili bilen 24 sagat stereo ýaýlym berýär… Türkiýäniñ çar tarapynda, ýeriñ emeli hemrasy we internet arkaly bütin dünýäde diñlemek mümkin.

“TRT Radio-3” Aýdym-sazda hiliñ salgysy.

 

TRT Radio 4 “Radio-4” Bu radio arkaly adaty klassiki saz bilen halk sazyny diñlemek bolýar. Anadolydaky söýgüni, gam-gussany we şatlygy beýan edýän halk aýdymlary…. Geçmişde ýaşap geçen we döwrümizde ýaşaýan saz usatlarynyñ eserleri…. Bu kanalda “Radio-4-de” ýokary hil bilen her gün 24 sagadyń dowamynda ýaýlym berýär. Türkiýäniñ çar tarapynda, ýeriñ emeli hemrasy we internet arkaly bütin dünýäde diñlemek bolýar.

“TRT Radio-4” Hesretiñ gutaran ýeri.

 

“TRT Türkü”  2009-njy ýylyñ 1-nji iýulynda ýaýlyma başlan raiostansiýa FM alyp berijileri, internet we ýeriñ emeli hemrasy arkaly halk aýdymlaryny diñlemegi halaýanlar üçin niýetlenendir. Diñleýjileriniñ türk halk sazyna bolan gyzyklanmasyny we söýgüsini has-da ýaýbańlaşdyrmagy maksat edinýän “TRT Türkü” 24 sagadyń dowamynda yzgiderli ýaýlym berýär we iñ gowy türk halk aýdymlaryny diñleýjilerine hödürleýär. Ýaýlymlarynda umumy mirasymyz bolan halk aýdym-sazlaryny gińden ýer berýär. Şeýlelikde halk medeniýetiniñ ýaýbañlaşdyrylmagyna goşant goşulýar.

 

“TRT Nagme”  (TRT-Nağme) 2009-njy ýylyñ 6-njy maýynda ýaýlyma başlan radiostansiýa FM alyp berijilerinden, internet we ýeriñ emeli hemrasy arkaly türk klassiki sazyny köñül muşdaklary bilen duşyşdyrýar. “TRT Nagme” öz ýaýlymlarynda 24 sagadyń dowamynda türk klassiki sazyny efire berýär. TRT-niń arhiwlerinden saýlanyp alynan eserler we täze ýazgylar ýokary hil bilen “TRT Nagmede” hödürlenýär.

 

“TRT Radio Habar”Türkiýäniñ we dünýänin aktual gün tertibi, wakalaryñ analizi TRT Radio habarda… 24 sagat yzgiderli ýaýlym berýän “TRT Radio Habar”, “TRT 1”, “TRT Türk” we “TRT Habar” telekanallaryndaky habar gepleşiklerini gezekleşikli we şol bir wagtda alyp berýär. Habarlary radiodan diñlemek isleýänler FM alyp berijileri, internet we ýeriñ emeli hemrasy arkaly ýaýlym berýän “TRT Radio Habarda” duşuşýar.

 

Türkiýäniñ Sesi” radiosy. Gysga tolkun arkaly Ankara radiosyndan “Türkiýäniñ Sesi” radiosyna… “Türkiýäniñ Sesi” 70 ýyldan bäri bütin dünýäde. Habar, sport, medeniýet we sungat, aýdym saz… “Türkiýäniñ Sesi” radiosy daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarymyzyń we garyndaşlarymyzyń Türkiýe we türk medeniýeti bilen bolan arabaglanşygy, gam-gussalarynyñ we begenjiniñ şärigi… Gysga tolkunda, ýeriñ emeli hemrasynda we internetde… 24 sagat yzgiderli ýaýlym berýär…. Dünýäniñ niresinde bolandygyñyza garamazdan Türkiýäniñ sesini dińläń.

 

“TRT Radio-6”.Türkiýäniñ jebisligine we bitewiligine goşant goşmagy maksat edinýän, döwrebap ýaýlym garaýşy bilen dürli ýaşdaky diñleýjilere niýetlenen kürt dilinde gepleşik berýän radiostansiýa... 2009-njy ýylyñ 1-nji maýynda açylan  “Radio 6” Günorta-gündogar Anadoly sebitinde ýaşaýan ilat üçin ýörite gepleşikler taýarlaýar. Sebitiñ ýaşaýjylary bilen döwletiñ arasyndaky arabaglanşygy güýçlendirýär, şeýle hem Türkiýäniñ halkara derejesindäki gatnaşyklaryna oñyn goşant goşýar.

 

“TRT Ýewropa FM”

FM-de Türkiýäniñ özboluşly sesi  bolan “TRT Ýewropa FM” bar.

Durmuşyñ şatlykly pursatlary, migrasiýanyń taryhy, üstünlikleriń hekaýaty, Türkiýäniñ taryhy, medeni gymmatlyklary, aýdym-sazly gepleşikler….Ýaşlar we ýaşlygyny ýatlaýanlar üçin aýdym-saz we söhbetdeşlik, “TRT Awrupa FM-de”… “TRT Ýewropa FM” internetde, ýeriñ emeli hemrasynda her gün Türkiýänin ýerli wagty bilen sagat 09-00-18-00 arasynda ýaýlym berýär. Halaýan aýdymyñyzy diñlemek, kimdir birine sowgat etmek ýada duýgudyr pikirlerińizibeýan etmek isleýän bolsañyz Türkiýäniñ şadyýan sesi “TRT Awrupa FM” siziń ýanyńyzda…

www.trt.net.tr/Radyo