Ysraýylyň goşuny Jenin şäherine hüjüm gurady

Ysraýylyň goşunynyň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň Jenin şäherine we Jenin bosgun düşelgesine guran hüjüminde ýogalan palestinalylaryň sany 8 adama ýetdi

2142697
Ysraýylyň goşuny Jenin şäherine hüjüm gurady

Palestinanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetinden berilen ýazmaça beýanatda, Gyzyl ýarymaý jemgyýetiň tiz kömek gullugynyň Jenin bosgun düşelgesiniň Al-Hedef diýilýän ýerinde Ysraýylyň hüjüminde ýogalan adamy tapandygy habar berildi.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň ýogalan palestinalyny hassahana alyp barýan mahaly tiz kömek ulagyny saklandygy bellenen beýanatda, waka bilen bagly jikme-jik maglumat berilmedi. 

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi hem Ysraýylyň Jenin şäherine garşy guran hüjüminde ýogalan palestinalylaryň sanynyň 8 adama ýetendigini habar berdi. 

Hüjümlerde şeýle hem 21 palestinalynyň ýaralanandygy mälim edildi. 

Beýleki tarapdan bolsa Gaza zolagynyň günortasyndaky Filadelifiýa koridorynda (Gaza bilen Müsüriň arasyndaky serhet) Rafah şäheriniň günbatarynda gury ýer hüjümleriniň gerimini giňeltdi.

Giň gerimli howa we gury ýer hüjümleri bilen Rafah şäheriniň orta zolagyna çenli baran ysraýylly esgerler, şeýlelik bilen Filadelfiýa koridorynyň ortasyna baryp ýetdiler.

Ysraýyla degişli harby ulaglaryň Filadelfiýa koridorynda Rafah şäheriniň Müsür serhedine paralel bolan etrapçalaryna çenli barandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar