Russiýada Ýadro Türgenleşiginiň Birinji Tapgyry Başlady

Türgenleşige gipersonik “Kinžal” raketalary bilen üpjün edilen uçarlar hem gatnaşar

2142691
Russiýada Ýadro Türgenleşiginiň Birinji Tapgyry Başlady

Russiýa, ýadro ýaraglarynyň ulanylmagy bilen bagly türgenleşik geçirýär.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Russiýanyň Prezidentiniň görkezmesi boýunça Baş ştab tarapyndan Günorta Harby zolakda strategik bolmadyk ýadro ýaraglaryň taýarlanmagy we ulanylmagy bilen bagly türgenleşigiň birinji tapgyry başlady” diýildi.

Beýannamada, türgenleşigiň çäginde ady agzalýan zolakda iş alyp barýan harby toparlaryň “İskender” taktiki raketa ulgamy üçin zerur bolan enjamlary kesgitlenen nokada getirendigi we ulanylmagy üçin taýarlyk görjekdigi bellenildi.

Beýannamada türgenleşige gipersonik “Kinžal” raketalary bilen üpjün edilen uçarlaryň hem gatnaşjakdygy nygtaldy.

 

 



Degişli Habarlar