“NATO howpsyzlygymyzyň gözbaşydyr”

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama dünýäniň çylşyrymly döwüri başdan gçeirýändigini nygtap, NATO-nyň howpsyzlygyň gözbaşy bolup durýandygyny aýtdy

464773
“NATO howpsyzlygymyzyň gözbaşydyr”

ABŞ-nyň Prezidenti Obama Ak Tamda NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg bilen duşuşdy.

Duşuşykdan soň metbugata beýanat beren Obama NATO barada terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşe goşýan goşandy bilen birlikde Owganystandaky missiýasy we Ýewropadaky bosgunlar meselesine beren goldawy mynasybetli öwgüli sözler aýtdy.

Obama NATO-nyň Liwiýada, Yrakda, İordaniýada we beýleki ýurtlarda-da terror toparlaryna garşy goldaw berip biljekdigini nygtady.

Dünýäniň çylşyrymly döwüri başdan geçirýändigini aýdan Obama, Ýewropanyň global howpsyzlyk ulgamynda esasy dartgynlygyň başdan geçirilýän kontinentdigini belläp geçdi.

Obama umumy goranyş ulgamynda NATO-nyň eýeleýän pozisiýasyna ünsi çekdi we “NATO biziň umumy goranyşymyzyň we howpsyzlyk syýasatymyzyň gözbaşy bolmagynda galýar" diýdi.

Stoltenberg hem NATO-nyň “hemişekisinden has uly ähmiýete eýedigini" nygtady.

NATO-nyň dünýäniň howply ýerlerinde iş alyp barmaga dowam edýändigini ýatladan Stoltenberg, hyzmatdaşlygyň Yragyň howpsyzlyk howpsyzlyk güýçlerine tälim bermäge başlandygyny hem mälim etdi.

Ýens Stoltenberg terror guramasy DAEŞ-iň bar bolan ýurtlaryny goldamak we olaryň durnuklaşmagyna goldaw bermek üçin kömege taýardygyny nygtady.



Degişli Habarlar