TROÝ uçarynyň ilkinji müşderisi daşary ýurtdan

Türkiyäniň milli, tälim we umumy maksatly uçary TROÝ-yň ilkinji müşderisi daşary ýurtdan boldy

2046349
TROÝ uçarynyň ilkinji müşderisi daşary ýurtdan

UÇAKSAN kärhanasy Pakistanyň harby we raýat önümlerini üpjün edýän Defence & Strategic Ventures (DSV) kärhanasy bilen 5+5 sany TROÝ T400 kysymly uçarynyň eksporty bilen bagly ylalaşyga gol çekdi. 

Karbon kompozit korpusyna, aýna kokpite we güýçli aerodinamika eýe bolan T400, 4 adama niýetlenendir.

Uçar synag uçuşlarynda, umumy awiasiýa, oba hojalygy maksatly we gözegçilik missiýalarynda ulanylyp bilner.

Uçaryň uçuş aralygy 1000 kilometre, uçuş agramy 1200 kilograma barabardyr.


Etiketkalar: #Pakistan , #uçar , #TROÝ

Degişli Habarlar