Mehmet Şimşek Londonda saparda bolýar

Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek, Türkiyäniň durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynda bir ýylda uly öňe gidişlikleriň edilendigini habar berdi

2154501
Mehmet Şimşek Londonda saparda bolýar

Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek Beýik Britaniýada Chatham House tarapyndan geçirilen konferensiýa gatnaşdy. 

Türkiyäniň satyn alyş güýji pariteti taýdan dünýäniň iň uly 11-nji ykdysadyýetdigini aýdan Mehmet Şimşek, geçen ýyl bolan ýer titremelerden soň býujetde uly ýetmezçiligiň bolandygyny beýan etdi. 

Mehmet Şimşek soňky 1 ýylda ykdysadyýetde uly öňe gidişlikleriň edilendigini aýan etdi. 

Türkiyede maýa goýum gurşawynyň gowulaşandygyny aýdan Mehmet Şimşek, ykdysady maksatnamanyň merkezinde öňdengörüjiligiň bardygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar