"Fitch Ratings" Türkiyäniň ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy

Halkara Kredit derejelendiriş guramasy "Fitch Ratings" Türkiyäniň ykdysadyýetiniň ösüş çaklamasyny şu ýyl üçin 2,8 göterimden 3,5 göterime çenli ýokarlandyrdy

2153867
"Fitch Ratings" Türkiyäniň ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy

Halkara Kredit derejelendiriş guramasy "Fitch Ratings" Global ykdysady perspektiwanyň hasabatynyň iýun aýyndaky sanyny çap etdi. 

Hasabatda Ýewropada dikelme tapgyryna bolan ynamyň artandygy, Hytaýyň eksport pudagynyň işjeňleşendigi we Hytaýdan daşary ösüp barýan bazarlarda içerki talabyň has güýçli itergi görkezendigi üçin global ösüş çaklamalaryna ýokary baha berilendigi mälim edildi. 

Dünýä ykdysadyýetiniň ösüş çaklamasynyň 2024-nji ýyl üçin 2,4 göterimden 2,6 göterime ýetirilendigi bellenen hasabatda, global ykdysadyýetiň 2025-nji we 2026-njy ýyllarda, ýyllaryň ikisi üçin hem 2,4 göterim ösüş etjekdigine garaşylýandygy aýan edildi. 

Türkiyäniň ykdysadyýeti bilen bagly habarnamanyň çap edilendigi bellenen hasabatda, ykdysadyýetiň şu ýylyň ilkinji çärýeginde eksportdaky dikelme, importdaky çürt-kesik peseliş we häzirki wagtda hem güýçli bolan içerki talap sebäpli çaklamadan ýokary derejede ösüş edendigi habar berildi. 

Hasabatda Türkiyäniň ykdysadyýetiniň ösüş çaklamasynyň şu ýyl üçin 2,8 göterimden, 3,5 göterime ýetirilendigi beýan edildi. Ýurduň ykdysadyýetiniň 2025-nji ýylda 3 göterim we 2026-njy ýylda 3,2 göterim ösüş etmegine garaşylýandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar