Türkiýeden 115 Ýurda Kakadylan Erik Eksport Edildi

Kakadylan erik eksportundan 167 million 704 müň dollarlyk girdeji gazanyldy.

1856919
Türkiýeden 115 Ýurda Kakadylan Erik Eksport Edildi

Türkiýeden üstümizdäki ýylyň ýanwar-iýun aýlaryny öz içine alýan döwürde 115 ýurda 32 müň 662 tonna kakadylan erik eksport edilip, 167 million 704 müň dollarlyk girdeji gazanyldy.

Malatýanyň Söwda birleşmesiniň görkezijilerine görä, üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 32 müň 662 tonna kakadylan erik eksport edildi.

Geçen ýylyň birinji ýarymynda bolsa 41 müň 12 tonna kakadylan erik eksport edilip 141 million 176 müň dollarlyk girdeji gazanylypdy.

Üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Britaniýanyň, Braziliýanyň, Gollandiýanyň, Russiýanyň, Kanadanyň we Müsüriň başda durmagynda 115 ýurda kakadylan erik eksport edildi.

 



Degişli Habarlar