Türkiýäniň losos balygy eksporty soňky 6 ýylda 82 göterim artdy

Türkiýeden 2016-2021-nji ýyllar aralygynda amala aşyrylan türk losos balygynyň eksportyndan alynan girdeji, 82 göterim artyp, 135 million 597 müň 423 dollara ýetdi

1781743
Türkiýäniň losos balygy eksporty soňky 6 ýylda 82 göterim artdy
somon su urunleri.jpg

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginden berilen beýanata görä, ýurtdan 2016-njy ýylynda 11 ýurda 355 tonna losos balygy eksport edilip, 1 million 630 müň 814 dollar girdeji alyndy. 

Türkiýeden 2021-nji ýylda bolsa dünýäniň 22 ýurduna 23 müň 375 tonna losos eksport edilip, 135 million 597 müň 423 dollar girdeji alyndy. 

Şeýlelik bilen ýurdyň türk losos eksportyndan soňky 6 ýylda mukdar boýunça takmynan 65 göterim, gymmatlygy taýdan bolsa 82 göterimlik artyş hasaba alyndy. 



Degişli Habarlar