Türkiýe 2021-nji ýylda 46 million dollarlyk ýertudana eksport etdi

Türkiýe 2021-nji ýylda dünýäniň 43 ýurduna eksport eden ýertudanasyndan (Klubnika) 46 million 118 müň dollarlyk girdeji aldy

1760085
Türkiýe 2021-nji ýylda 46 million dollarlyk ýertudana eksport etdi

Egeý Eksportçylar bileleşiginden berilen beýanata görä, 2020-nji ýylda 25 müň 600 tonna ýertudana eksportyndan 25 million dollarlyk girdeji alynypdy. 

Ýertudananyň eksportynda mukdar görkezijilerini 2021-nji ýylda 66 göterimlik artyş bilen 42 müň 500 tonna ýetiren Türkiýe, girdejisini bolsa geçen ýyla garanyňda 84 göterimlik artyş bilen 46 million 118 müň dollara ýetirdi. 

Russiýa 27 million 810 müň dollarlyk ýertudana eksporty amala aşyrylan bolsa, Rumyniýa 8 million 910 müň dollarlyk, Yraga bolsa 5 million 608 müň dollarlyk eksport ýerine ýetirildi. 



Degişli Habarlar