THÝ 1175 Uçar Sapary Bilen Ýewropada Ikinji Orny Eýeledi

Bir hepdede Ýewropada 160 müň 736 uçar sapary, günde 22 müň 692 uçar sapary guraldy.

1728821
THÝ 1175 Uçar Sapary Bilen Ýewropada Ikinji Orny Eýeledi

Ýewropa Howa gatnawy gullugynyň oktýabr aýynyň 25-31-i aralygynda Ýewropa ýurtlarynda guralan uçar saparlary hakyndaky görkezijilerine görä, bir hepdede Ýewropada 160 müň 736 uçar sapary, günde 22 müň 692 uçar sapary guraldy.

Täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy girizilen çäklendirmeleriň esasy böleginiň bes edilmeginden soň Irlandiýanyň Ryanair firmasy günde 2 müň 309 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň köp uçar saparyny guran howa ýoly firmasy boldy.

THÝ 1175 uçar sapary bilen ikinji, Easyjet 1064 uçar sapary bilen üçünji orny eýeledi.

Pegasus howa ýollary hem 450 uçar sapary bilen sanawda onunjy orny eýeledi.


Etiketkalar: #uçar saparlary , #THÝ

Degişli Habarlar