Türkiýe 5 aýda 503,8 million dollarlyk ösümlik ýag eksport etdi

Türkiýe şu ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda 503,8 million dollarlyk ösümlik ýagyny eksport etdi

1666281
Türkiýe 5 aýda 503,8 million dollarlyk ösümlik ýag eksport etdi

Egeý eskportçylar bileleşiginden berilen beýanata görä, geçen ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda 380,6 million dollarlyk ösümlik ýagyny eksport eden Türkiýe, şu ýylyň şol aýlary aralygynda girdejisini 32 göterim artdyryp şol görkezijini 503,8 million dollara ýetirmegiň hötdesinden geldi. 

Egeý sebitiniň Däneli, däneli kösükli, ýagly tohumlar we önümleri eksporty bileleşiginiň başlygy Mustafa Terji, bileleşik hökmünde Türkiýäniň ösümlik ýag eksportyna 120 million dollarlyk goşant goşandyklaryny belläp: "Türkiýäniň eksportynda öň hatara çykan ýurtlar 84 million dollarlyk göwrüm bilen Yrak, 51 million dollarlyk ösümlik ýag talaby bilen Siriýa we 50 million dollar bilen Liwiýa gelýär. Ege sebitinde iň köp eksport edilen bazarlar bolsa 38 million dollar bilen Liwiýa, 34,7 million dollar bilen Ýemen we 13,7 million dollar bilen Tunis gelýär" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar