Göni Maýa Goýumlar 4 Aýda 2,8 Milliard Dollara Barabar Boldy

2002-nji ýyldan bäri Türkiýä goýlan halkara maýa goýumlaryň jemi mukdary bolsa 266 milliard dollardan geçdi.

2151052
Göni Maýa Goýumlar 4 Aýda 2,8 Milliard Dollara Barabar Boldy

Türkiýä üstümizdäki ýylyň ilkinji 4 aýynda gelen göni maýa goýumlaryň mukdary 2,8 milliard dollara barabar boldy.

Halkara maýa goýum jemgyýetiniň görkezijilerine görä, aprel aýynda Türkiýä halkara 1 milliard 278 million dollarlyk maýa goýuldy.

Aprel aýynda Türkiýä iň köp maýa goýan ýurt 134 million dollar bilen Britaniýa boldy.

Britaniýa göni maýa goýum bazarynda 28 göterimlik paýa eýe boldy.

ABŞ bolsa göni maýa goýum bazarynda 21 göterimlik paý bilen ikinji orny eýeledi.

Üstümizdäki ýylyň ilkinji 4 aýynda daşary ýurtly göni maýa goýumlaryň mukdary 2,8 milliard dollara barabar boldy.

2002-nji ýyldan bäri Türkiýä goýlan halkara maýa goýumlaryň jemi mukdary bolsa 266 milliard dollardan geçdi.

 


Etiketkalar: #mukdar , #maýa goýum

Degişli Habarlar