Losos Eksporty 45 Göterim Artdy

Losos eksportunda Russiýa, Wietnam we Belarus esasy orun eýeledi.

2151115
Losos Eksporty 45 Göterim Artdy

Gündogar Gara deňiz sebitinden ýanwar-maý aýlaryny öz içine alýan döwürde 67 million 125 müň 19 dollarlyk losos balygy eksport edildi.

Türk losos balygynyň eksporty ýyllyk 45 göterim artdy.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň dolanşyk geňeşiniň başlygy Saffet Kalýonju, sebitden 19 ýurda 12 müň 633 tonnalyk türk losos balygynyň eksport edilendigini aýtdy.

Saffet Kalýonju losos eksportundan 67 million 125 müň 19 dollarlyk girdeji gazanylandygyny belledi.

Losos eksportunda Russiýa, Wiýetnam we Belarus esasy orun eýeledi.

Ýanwar-maý aýlaryny öz içine alýan döwürde Russiýa 42 million 640 müň 594, Wietnama 9 millioon 663 müň 162 we Belarusa hem 6 million 711 müň 966 dollarlyk losos balygy eksport edildi.



Degişli Habarlar