Türkiýe-Russiýa arasyndaky ilkinji eksport otlusy bellenen nokada baryp ýetdi

Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky ilkinji eksport otlusy Russiýada bellenen nokada baryp ýetdi

1580259
Türkiýe-Russiýa arasyndaky ilkinji eksport otlusy bellenen nokada baryp ýetdi

29-njy ýanwrada ýurdyň paýtagty Ankara şäherinden ýola çykan Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky ilkinji eksport otlusy, Baku-Tbilisi-Kars (BTK) demir ýolunyň üsti bilen Moskwa şäheriniň golaýyndaky Kaluga diýilen ýere baryp ýetdi. 

15 wagonyň üstüne 15 konteýnere ýüklenen takmynan 4 müň sany hojalyk harydyny, Russiýa alyp giden eksport otlusy üçin garşylama dabarasy geçirildi. 

Dabarada çykyş eden Türkiýäniň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mehmet Samsar, Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm bölegini ykdysady hyzmatdaşlygyň emele getirýändigini belläp: "Bu gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça has hem berkäp dowam edýär" diýip habar berdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan we Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin tarapyndan kesgitlenen 100 milliard dollarlyk söwda kuwwady üçin işleriň dowam edýändigini aýdan Samsar: "BTK demir ýoly, aslyna garanyňda Ýüpek ýolunyň möhüm bir bölegini emele getirýär, şol ylalaşygyň çäginde amala aşyrylan şu ilkinji eksport otlusyny garşylamakdan örän hoşaldyrys" diýip belledi. 

Samsar, otlynyň diňe eksport ugruna goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem şol bir wagtda türk we rus halklarynyň arasynda dostluk köprüsiniň boljakdygyny ýatlatdy. 

Dabara gatnaşan, Russiýanyň Demirýollar edarasynyň Baş müdüriniň 1-nji orunbasary Sergeý Pawlow bolsa Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky ilkinji eksport otlusynyň ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryna goşant goşjakdygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar