ABŞ-nyň ilkinji zenan Gazna ministri wezipesine başlady

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Gazna ministri Žanet Ýellen, Senat tarapyndan tassyklananyndan soň kasam edip wezipesine başlady

1571912
ABŞ-nyň ilkinji zenan Gazna ministri wezipesine başlady

ABŞ-nyň Gazna ministrliginden berilen beýanatda, Ýelleniň Wise-prezident Kamala Harrisiň ýoldaşlyk etmeginde ABŞ-nyň 78-nji Gazna ministri hökmünde kasam edendigi habar berildi. 

Wezipä başlan Ýellen, ABŞ-nyň Gazna ministrliginiň 231 ýyllyk taryhynda ilkinji zenan ministr hökmünde taryha adyny ýazdyrdy. 

ABŞ-nyň Senady, Jo Baýdeniň Gazna ministri wezipsine dalaşgär hödürlän, ABŞ-nyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Žanet Ýelleniň wezipesini duşenbe güni tassyklapdy. 

Tejribeli ykdysadyýetçi bolan Ýellen, 2014-nji ýylda ABŞ-nyň Merkezi bankynyň ilkinji zenan başlygy bolupdy.  



Degişli Habarlar