Beýik Britaniýa ilkinji Erkin Söwda Ylalaşygyny Türkiýe bilen baglaşar

Beýik Britaniýa Ýewropa Bileleşigi bilen gazanylan ylalaşykdan soň, ilkinji Erkin söwda ylalaşygyny Türkiýe bilen baglaşjakdygyny aýan etdi

1553378
Beýik Britaniýa ilkinji Erkin Söwda Ylalaşygyny Türkiýe bilen baglaşar

Beýik Britaniýanyň Söwda ministrliginden berilen beýanatda, taraplaryň şertnama ertir gol çekjekdikleri habar berildi. 

Täze düzgün bilen Ankara bilen Londonyň arasyndaky bar bolan söwda düzgünleriniň goralmagyna garaşylýar, emma Söwda ministri Elizabet Trass Türkiýe bilen zerurlyklara görä taýarlanan bir şertnama gol çekmek isleýändiklerini habar berdi. 

2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Ýewropa Bileleşigi bilen arabaglanşygy kesiljek Beýik Britaniýa ÝB-e agza bolan mahaly baglayşalan ylalaşyklaryny, indi Ýewropa Bileleşiginden garaşsyz bir döwlet hökmünde täzeleýär. 

Beýik Britaniýanyň Söwda ministri Elizabet Trass: "Täze ylalaşyk bilen gümrüksiz söwdanyň dowamyny üpjün edip, söwda gatnaşyklaryny ösdürjekdigini umyt edýäris. Ylalaşyk, Beýik Britaniýada dokma, awtoulag we polat senagatynda işleýän müňlerçe adamy kepillik astyna aljakdygy manysyny berýär" diýip mälim etdi. 

Söwda ministrliginiň berýän maglumatyna görä Beýik Britaniýa bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda kuwwady 2019-njy ýylda 18,6 milliard stelinge ýetdi. Ministrlik Ýaponiýa, Kanada, Şweýsariýa we Norwegiýadan soň resmi Londonyň 5-nji iň uly söwda ylalaşygyny Türkiýe bilen baglaşjakdygyny aýan etdi. 

Beýik Britaniýa häzirki wagta çenli dünýäniň 62 ýurdy bilen söwda babatynda ylalaşyk gazandy. 



Degişli Habarlar