Türkiýeden Hytaýa eksport önümlerini alyp barýan ikinji otly düýn ýola çykdy

Jemi uzynlygy 779 metre barabar bolan eksport otlusy, şu gün irden Marmaraýdan geçip, ýoluny dowam etdirdi

1549155
Türkiýeden Hytaýa eksport önümlerini alyp barýan ikinji otly düýn ýola çykdy

Transport we infrastruktura ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä, 2-nji eksport otlusy Tekirdag welaýatynyň Çerkezköý etrabyndan 42 wagon/konteýneriň içinde 1 müň 400 sany holodilnik ýüki bilen düýn Türkiýäniň wagty bilen sagat 19:05-de ýola çykdy. 

Jemi uzynlygy 779 metre barabar bolan eksport otlusy, şu gün irden Marmaraýdan geçip, ýoluny dowam etdirdi. 

Transport we infrastruktura ministrliginden berilen beýanatda, eksport otlusynyň Türkiýäniň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky tranzit ýük daşamagyň merkezi ýagdaýyna geljekdiginiň iň uly subutnamasydygy aýan edildi. 

Beýanatda, ekport otlusynyň geçmegi meýilleşdirilen ýoly barada hem maglumat berildi. 

Şoňa laýyklykda Türkiýäniň içinden Stambul, Izmit, Eskişehir, Ankara, Kyrykkale, Siwas, Erjinjan, Erzurum, Kars ýaly ýerlerden geçmegi meýilleşdirilen otlynyň, Ahylkelek stansiýasyndan daşary ýurda çykjakdygy mälim edildi. 

Daşary ýurtlarda bolsa nobat bilen Gruziýa, Azerbaýjan, Hazar deňizi, Gazagystan ýaly ýerlerden geçmegi meýilleşdirilen otlynyň, soňky duralgasy Hytaýyň Şi şäheri bolar. 

Türkiýeden Hytaýa tarap ýola çykan ilkinji eksport otlusy, Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglynyň gatnaşmagynda geçirilen dabara bilen 4-nji dekabrda Stambuldan ugradylypdy. Jemi 8 müň 693 km ýol, 2 materik, 2 deňiz we 5 ýurdy geçen eksport otlusy, 19-njy dekabrda Hytaýyň Şi şäherine barypdy. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Hytaý , #otly , #eksport

Degişli Habarlar