Berat Albaýrak G20 agza ýurtlaryň Maliýe ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy

G20 agza ýurtlaryň Maliýe ministrleri we Merkezi banklarynyň başlyklary, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly maslahat geçirdiler

1399461
Berat Albaýrak G20 agza ýurtlaryň Maliýe ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy

Türkiýäniň Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak maslahatda, Hereket meýilnamasynyň üstünde ylalaşyk gazanandyklaryny belläp, G20 agza ýurtlaryň ykdysady durnuklylyk bilen baglanşykly çäreler görjekdigini beýan etdi. 

Ministr Albaýrak, bu meýilnama bilen G20 agza ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamy boýunça gerek bolan maliýe kömekleriň beriljekdigini, şol çäkde raýatlara we işewür dünýä goldaw beriljekdigini habar berdi. 

Ykdysady taýdan durnuksyz ýurtlaryň goraljakdygyny aýdan Albaýrak, G20 hökmünde, olar bilen ykdysady durnuksyzlyk babatynda tejribeleri bilen paýlaşjakdyklaryny mälim etdi. 

 



Degişli Habarlar