Türkiýe 10 aýda Hytaýa 205 million dollarlyk azyk önümini eksport etdi

Hytaýa edilen eksportda funduk we funduk önümleri esasy orun eýeledi

1300528
Türkiýe 10 aýda Hytaýa 205 million dollarlyk azyk önümini eksport etdi

 

Türkiýäniň 10 aýda Hytaýa eden azyk eksporty geçen ýyl bilen deňeşdirilende 86 göterim artyp 205 million dollara barabar boldy.

Türkiýeden geçen ýylyň 10 aýlyk döwründe Hytaýa 110 million dollarlyk azyk önümi eksport edilipdi. Üstümizdäki ýylyň degişli döwründe bolsa şol san 86 göterim artyp 205 million dollara barabar boldy

2019-njy ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Hytaýa edilen eksportda funduk we funduk önümleri esasy orun eýeledi.

Geçen ýylyň 10 aýlyk döwründe Hytaýa 34 million dollarlyk funduk we funduk önümi eksport edilipdi

Şol san üstümizdäki ýyl 107 göterim artyp 71 million dollara ýetdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar