Türkiýe bilen Gruziýanyň arasyndaky ilkinji eksport otlysy Gruziýa tarap ugrady

"Halkara derejesinde demir ýol pudagyna uly maýa goýulýar"

1241350
Türkiýe bilen Gruziýanyň arasyndaky ilkinji eksport otlysy Gruziýa tarap ugrady

Türkiýe bilen Gruziýanyň arasyndaky ilkinji eksport otlysy düýn Erzurumdan dabaraly ýagdaýda ugradyldy

Erzurumda geçirlen dabara Türkiýe Respublikasynyň Döwlet demir ýollarynyň Baş müdüri Ali Ihsan Uýgun we Gruziýanyň Demir ýollary Baş müdüri Dawid Peradze bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar gatnaşdy.

Dabarada çykyş eden Ali Yhsan Uýgun soňky ýyllarda demir ýol pudagyna uly ähmiýet berilýändigini we halkara derejesinde pudaga uly maýa goýlandygyny gürrüň berdi.

Baku-Tiblisi-Kars demir ýol liniýasynyň açylmagyna uly ähmiýet berýändiklerini nygtan Uýgun, 2017-nji ýylda hyzmada açylan şol liniýadan şu günki güne çenli Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň arasynda ýük gatnawynyň amala aşyrlandygyny belledi.

Gruziýanyň Demir ýollary Baş müdüri Dawid Peradze hem Türkiýe bilen Gruziýanyň arasynda ýola goýlan ilkinji eksport otlusy barada “Şu gün Gruziýa we Türkiýe üçin taryhy gün, taslamanyň amala aşyrylmagy üçin tagalla eden her bir adama sag bolsun aýdýaryn” diýdi.

 

 


Etiketkalar: #ýük gatnawy , #otly , #eksport

Degişli Habarlar