Goranyş we awiasiýa pudagy eksportda 37 göterim ösüş etdi

Degişli pudaklarda 5 aýyň dowamynda 1,074 milliarda barabar eksport amala aşyrldy

1213509
Goranyş we awiasiýa pudagy eksportda 37 göterim ösüş etdi

Türkiýäniň Eksportçylar Mejlisiniň pudaklaýyn eksport görkezijilerine görä ýylyň bäş aýynda daşarky satuwda geçen ýylyň degişli döwrüne görä gyranyş we awiasiýa pudagynda 37 göterim ösüş edildi.

Umumy Söwda Ulgamynda Türkiýäniň eksporty degişli döwürde 5,4 göterim ýokarlady.

Geçen ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň aralygynda 784,06 million dollara deň bolan pudaklaýyn eksport, 1,074 milliard dollara barbar boldy.

Goranyş we awiasiýa pudagyndan soň 24,6 göterim bilen himiki maddalar we şolardan öndürilýän önümler, 23 göterim bilen gämi we ýahta, 20,4 göterim bilen sement, aýna, keramika we toprak önümler eksport uly ösüş etdi.



Degişli Habarlar