Syýahatçylykda 35 milliard dollardan gowrak daşary ýurt walýutanyň girmegine garaşylýar

Firuz Baglykaýa mesele bilen bagly beýanat berdi

1192074
Syýahatçylykda 35 milliard dollardan gowrak daşary ýurt walýutanyň girmegine garaşylýar

Türkiýäniň Syýahatçylyk agentlikleri bileleşiginiň başlygy Firuz Baglykaýa: “Maksat goýuşymyz ýaly 50 million syýahatçy derejesine nesip bolsa ýeteris. Pudak boýunça 35 milliard dollardan gowrak daşary ýurt walýutanyň girmegine garaşylýar. Pudak 2018-nji ýyly üstünlikli ýagdaýda tamamlady we 2019-njy ýyla şol bir tizlik bilen başlady, ilkinji aýda 7,4 göterimlik artyş boldy. Türkiýede deňiz, gum we gün syýahatçylygy 6-7 aýa çykdy. Saglygy goraýyş we medeniýet syýahatçylygynda bolsa bu dereje 10-12 aýa ýetýär” diýip belledi. 



Degişli Habarlar