Trabzondan 68 ýurda funduk eksport edildi

Funduk eksportunda Germaniýa, Italiýa, Fransiýa, Gollandiýa we Kanada esasy orun eýeleýär

1125271
Trabzondan 68 ýurda funduk eksport edildi

 

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginiň Funduk we funduk önümleri pudagy komitetiniň başlygy Mehmet Jiraw eksport görkezijileri barada beren ýazmaça beýanatynda, Türkiýeden 2018-nji ýylda 120 ýurda fundugyň eksport edilendigini aýtdy.

Jiraw funduk eksportunda Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Gollandiýanyň we Kanadanyň esasy orun eýeleýändigini nygtady.

Trabzonly funduk öndürijileriň funduk eksportunda her ýyl birinji orny eýeleýändigini aýdan Jiraw “Türkiýeden 2018-nji ýylda 1 milliard 636 million 573 müň 706 dollarlyk funduk eksport edildi we funduk eksportunda Trabzon 39 göterimlik paý bilen esasy orny eýeleýär. 2018-nji ýylda Trabzondan 67 ýurdy funduk eksport edildi. Funduk eksportunda 127 million 800 müň 141 dollar bilen Italiýa birinji orny eýeleýär” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar