Berat Albaýrak ýurdyň ykdysadyýeti bilen bagly beýanat berdi

Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak, oktýabr aýynda Türkiýäniň ykdysadyýetiniň býujetiniň artykmaçlyk berjekdigini we munyň ähli zamananyň rekordy boljakdygyny mälim etdi

1091526
Berat Albaýrak ýurdyň ykdysadyýeti bilen bagly beýanat berdi

Berat Albaýrak, Stambulda XXII International Business forumynda eden çykyşynda, bolmagy ähtimal ykdysady durnuksyzlyga garşy çäreleri şol bada aljakdyklaryny mälim etdi.

Inflýasiýa garşy göreş bilen bagly işleriň dowam edýändigini aýdan Berat Albaýrak: “Azyk inflýasiýasynda örän strategik bir meýilnama taýýarlaýarys” diýip belledi.

Maliýe syýasatynda býujet disiplinasy boýunça yza ädim etmeýändiklerini aýdan Berat Albaýrak: “”Noýabr we dekabr aýynyň görkezijilerinde örän kadaly ösüş bilen inflýasiýa bilen bagly maksatlarymyza örän ýakyn bir netije alarys” diýip nygtady.

Walýuta kursyndaky peselişiň oňyn ýagdaýdadygyny aýdan Albaýrak, kredit stawkalaryndaky peselişiň dowam edýändigini, dekabr aýynda has hem peseljekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar