Stambulyň täze howa menzilinden 15 müň adam uçdy

Türk Howa ýollarynyň baş müdüri Bilal Ekşi, 31-nji oktýabrda uçar saparlarynyň başlan Stambul howa menzilini 2 hepdede 15 müň adamyň ulanandygyny habar berdi

1086881
Stambulyň täze howa menzilinden 15 müň adam uçdy

Bilal Ekşi sosial media hasabyndan: “Stambul howa menzili uçýar. Häzirki wagta çenli Stambul howa menzilini ulanan ýolagçylaryň sany 15 müňden geçdi. Ankara, Izmir, Antalýa, Erjan we Baku gündelik uçar gatnawlarymyz boýunça şu ýylyň ahyryna çenli 43 müň adam biletlerini aldy. Beýik taslama, uly tolgunma” diýip belledi.



Degişli Habarlar