Owganystan bilen Hytaýyň arasynda howa koridory açyldy

Owganystandan Hytaýa ilkinji gezek täze howa koridory arkaly Türk howaýollary uçary bilen 20 tonna gury iýmiş ugradyldy

1082772
Owganystan bilen Hytaýyň arasynda howa koridory açyldy

Hamid Karzai adyndaky halkara howa menzilinde geçirilen açylyş dabarasynda çykyş eden Owganystanyň Prezidenti Eşref Gani, Hytaý bilen ilkinji gezek açylan howaýoly söwdasynyň möhümdigini we iki ýurduň arasyndaky söwda mukdaryny artdyrjakdygyny aýtdy.

Şertleriň amatsyzlygy sebäpli ozal Owganystanda öndürilýän köp sanly harydyň başga ýurtlaryň üstaşyr daşary ýurtlara eksport edilendigini aýdan Gani, indi şertlerin özgerendigini nygtady.

Gani howa koridorynyň Owganystan üçin eýe bolan ähmiýetine ünsi çekip, ýurdunyň başga ýurtlar bilen hem söwda mukdaryny artdyrmak isleýandigini beýan etdi.

Owganystan mundan ozal Türkiýe, Gazagystan, Saud Arabystany, Hindistan we Birleşen Arap Emirlikleri bilen howa koridorlaryny açypdy.


Etiketkalar: #Owganystan , #Hytaý , #koridor

Degişli Habarlar