Ulag eksporty oktýabr aýynda 11 göterim ösdi

Türkiýäniň Ulag pudagynyň eksporty, oktýabr aýynda geçen ýylyň oktýabr aýyna garanyňda 11 göterim artyp, 2,9 milliard dollara barabar boldy

1081271
Ulag eksporty oktýabr aýynda 11 göterim ösdi

Oktýabr aýynda ulag senagaty aýlyk ýagdaýda 3,1 milliard dollarlyk rekord goýulan mart aýyndan soň iň ýokary derejä eýe boldy. Senagatyň umumy eksportdaky paýy bolsa 19 göterime deň boldy. 

Ýurtlar boýunça Germaniýa edilýän eksport geçen ýyla garanyňda 2 göterim azalan hem bolsa iň uly bazar bolmagynda galdy. ABŞ-e edilýän ekport 24 göterim, Polşa edilýän eksport 15 göterim, Marokko edilýän eksport 40 göterim, Alžire edilýän eksport 122 göterim, Sloweniýa edilýän eksport bolsa 48 göterim artdy. 

 


Etiketkalar: #ulag , #eksport , #oktýabr

Degişli Habarlar