Stambul howa menzilinden ilkinji  tarifli daşary ýurt sapary DKTR-na guraldy

“TK 978” kodly uçary  ilkinji daşary ýurt saparyny amala aşyrmak üçin Türkiýe wagty bilen 17.40-da DKTR-na uçdy

1079439
Stambul howa menzilinden ilkinji  tarifli daşary ýurt sapary DKTR-na guraldy

Stambul howa menzilinden ilkinji  tarifli daşary ýurt sapary Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna guraldy.

Prezident R. T. Erdogan bilen käbir ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň gatnaşmagynda 29-njy oktýabarda dabaraly ýagdaýda açylan Stambul howa menzilinden Türk Howa Ýollarynyň “TK 978” kodly uçary  ilkinji daşary ýurt saparyny amala aşyrmak üçin Türkiýe wagty bilen 17.40-da DKTR-na uçdy.

İlkinji tarifli daşary ýurt sapary bilen uçan Boeing-737 kysymly uçar Türkiýe wagty bilen 18:55 de DKTR-nyň halkara Erjan howa menziline gondy.

Uçar howa menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylandy.

Dabara gatnaşan DKTR-nyň Transport ministri Tolga Aktan, Stambul howa menzilinden ilkinji daşary ýurt saparynyň DKTR-na guralmagyndan hoşaldyklaryny nygtap “Taryhy pursady başdan geçirýäris” diýdi.

Ministr Atakan  Stambul howa menzilinden ilkinji daşary ýurt saparynyň DKTR-na guralmagynyň Türkiýäniň DKTR-na berýän ähmiýetiniň görkezijidigini aýratyn belledi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar