Stambuldaky täze howa menzili ertir açylar

Stambuldaky täze howa menziliniň ilkinji etaby ertir 29-njy oktýabrda duşenbe güni Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşmagynda geçiriljek dabara bilen açylar

1077191
Stambuldaky täze howa menzili ertir açylar

Stambuldaky täze howa menziliniň 26 milliard 140 million ýewrolyk gurluşygy, dolanşygy we transfer çykdajysy bilen tenderini gazanan Limak/Kolin/Jengiz/Mapa/Kalýon kärhanalary tarapyndan Stambul Grand Airport ady bilen umumy kärhana döredildi.

Jemi 76,5 million ind metrlik bir ýerde gurulan howa menziliniň ilkinji etabynyň açylmagy üçin 6 milliard ýewrolyk maýa goýuldy.

Howa menziliniň beýleki etaplary hem ýolagçylaryň artmagy bilen birlikde 2023-nji ýylyna çenli hyzmata açylar.

Hususy pudaklaryň çeşmeleri bilen gur-dolandyr-ber modeli bilen gurulan täze howa menzil doly tamamlanan mahaly, biri-birinden garaşsyz 6 uçuş zolagy, 500 uçar mümkinçiligi, 70 müň ulaglyk açyk we ýapyk parky we ýyllyk 200 million ýolagçy mümkinçilikli dünýäniň iň uly howa menzili bolar.

Açylyş dabarasyna köp sanda daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagyna garaşylýan howa menzilinden ýurdyň öz içinde 31-nji oktýabrda Ankara, 1-nji noýabrda Antalýa, 2-nji noýabrda bolsa Izmire ilkinji uçar gatnawlary amala aşyrylar.

Ilkinji daşary ýurt uçar gatnawy bolsa 1-nji noýabrda DKTR-e we 8-nji noýabrda Azerbaýjana guralar.

Ýylyň ahyryna çenli doly göçürilmeginden soň, her gün 2 müň uçar uçup we gonup biler.

Dünýäniň 350-den gowrak nokadyna uçar saparlary amala aşyrylar.

Stambulyň täze howa menzili 250 howa ýollary kärhanasyna hyzmat berer.

Howpsyzlyk çäreleri ýokary derejede boljak we döwrebap tehnologiýalar ulanyljak täze howa menzilinde ilkinji gezek gury ýer radarlar ulanylar.


Etiketkalar: #Stambul , #howa menzili

Degişli Habarlar