Kanadada G7 liderler maslahaty geçirilýär

Dünýäniň iň uly ykdysadyýetine eýe bolan 7 ýurdyň liderlerini bir ýere jemleýän G7 Liderler maslahatynyň ilkinji güni tamamlandy

989128
Kanadada G7 liderler maslahaty geçirilýär

Kanadanyň Kwebek ştatynda geçirilýän maslahatyň ilkinji gününde ikiçäk duşuşyklar geçirildi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen Kanadanyň Premýer ministri Jastin Trýudo ikiçäk duşuşyk geçirdiler.

Donald Tramp: “Gatnaşyklarymyz örän gowy. Gümrük salgytlaryny azaltmak we ýurtlarymyz üçin adalatly bir çözgüt tapmak üçin üstünde işleýäris. Bu ugurda köp zat etdik, emma nähili dowam etjekdigini göreris” diýdi.

Kanadanyň Premýer ministri Jastin Trýudo bolsa gümrük salgydy meselesiniň örän möhümdigini we iki ýurdyň bähbitlerine zeper ýetirmeden çözülmegi üçin tagalla edýändiklerini belledi.

Tramp, Trýudo bilen geçiren duşuşygyndan soň Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşyk geçirdi.

Tramp bilen Makron duşuşykda ABŞ bilen ÝB-niň arasyndaky söwda we gümrük salgydy meselesi ýaly ugurlary maslahatlaşdylar.

Tramp: “Gatnaşyklarymyz örän gowy, emma söwda meselesinde käbir synaglary başdan geçirdik. Oňyn zatlaryň boljakdygyny pikir edýärin” diýdi.

Makron bolsa iki tarapyň hem bähbidine boljak bir formulanyň tapylmagy üçin taraplaryň isleglidigini görendigini we ondan hoşaldygyny belledi.



Degişli Habarlar