Merkel “Ýewropa Pul gaznasynyň (EMF)”döredilmegini isledi

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Ýewropada Halkara Pul gaznasy ýaly pul gaznasynyň döredilmegini isledi

985209
Merkel “Ýewropa Pul gaznasynyň (EMF)”döredilmegini isledi

Italiýada uzak wagtdan bäri dowam edýän syýasy dartgynlyklaryň Ýewro giňişligine ýaramaz täsirini ýetirmegi we ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň gümrük salgydy karary sebäpli ykdysady çökgünlige tarap barýan ÝB, çökgünlükden halas bolmagyň ýollaryny gözleýär.

Ýaňy ýakynda “ÝB-niň reformalar meselesinde Ýewro giňişliginiň heniz krizislere garşy ýeterlik derejede çydamly däldigi barada Makron bilen bir şol garaýşa goldaw berýäris” diýen Merkel bu gezek hem Halkara Pul gaznasy IMF ýaly “Ýewropa Pul gaznasynyň (EMF)”döredilmegini ýaňadandan gün tertibine getirdi.

Merkel Ýewropa Pul gaznasynyň Ýewro giňişligine zeper ýetirip biljek karz krizisini başdan geçirýän ýurtlara goldaw bermek üçin uzak möhletli kredit berip biljekdigini nygtady.

Merkel “Agza ýurtlara 5 ýyl ýaly gysga möhletli we 30 ýyl ýaly uzak möhletli kredit berlip bilner” diýdi

Beýleki tarapdan Italiýada 88 gün soň partiýalar şäriklik hökümetiniň gurulmagy üçin ylalaşyk gazandy

 



Degişli Habarlar