Saud Arabystany bilen Müsüriň arasynda ençeme şertnama gol çekildi

Saud Arabystany bilen Müsüriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi üçin 80 şertnama gol çekildi

964840
Saud Arabystany bilen Müsüriň arasynda ençeme şertnama gol çekildi

Saud Arabystanynyň Kairdäki ilçihanasynyň Twitter hasabyndan berilen beýanata görä iki ýurdyň arasynda geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisiniň umumy maslahatynyň ahyrynda Kairiň we Riýadyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen 80 şertnama baglaşyldy.

Baglaşylan şertnamalaryň senagat, söwda, maýa goýum, saglygy goraýyş, bilim, transport we nebit pudaklary ugrunda bolandygy barada maglumat berildi.

Saud Arabystanynyň Söwda we maýa goýum ministri Majid Bin Abdullah bilen Müsüriň Söwda we senagat ministri Tarik Kabil 1—3-nji maý aralygynda iki ýurdyň arasynda geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisiniň umumy maslahatyna ýolbaşçylyk edipdiler.



Degişli Habarlar