Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Günorta Koreýaly maýadarlary Türkiýä çagyrdy

Türkiýe-Koreýa Işewürler maslahaty geçirildi

962516
Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Günorta Koreýaly maýadarlary Türkiýä çagyrdy

 

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Günorta Koreýanyň Söwda, senagat we energetika ministri Paiş Un Gýu bilen Türkiýe-Koreýa Işewürler maslahatyna gatnaşdy.

Paýtagt Seulda geçirlen maslahatdan söz sözlän ministr Zeýbekji 2017-nji ýylda dünýäniň iň uly 10 taslamasyndan 5-niň Türkiýede durmuşa geçirlendigine ünsi çekdi we Türkiýäniň taslamalar meselesinde lider bolmaga dowam etjekdigini belledi.

Ykdysadyýet ministri Zeýbekji Türkiýeli we Koreýaly işewür adamlarynyň geljekde Afrikanyň we Ýakyn Gündogaryň ýaňadandan dikeldilmeginde uly rol oýnap biljekdigini nygtady.

Işewürler maslahatynda söz sözlän Günorta Koreýanyň Söwda, senagat we energetika ministri Paiş Un Gýu hem “Türkiýe bilen eksportymyz 35 göterim artdy. Türkiýäniň Günorta Koreýa edýän eksporty hem 16 göterim artdy” diýdi.

Günorta Koreýa bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ösýändigini gürrüň beren Paik, ýokary tehnalogiýa pudagynda hem hyzmatdaşlyk edip biljekdiklerini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar