Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 45 göterim artdy

Antalýa welaýatyna dynç almaga gelen syýahatçylaryň sany ýylyň ilkinji 3 aýynda 45 göterim artdy

943603
Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 45 göterim artdy

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlaryna üns berilende Ýewropa bazarynyň çalt depginler bilen artýandygy görüldi.

Geçen aý Antalýa gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 2017-nji ýylyň mart aýyna garanyňda 71 göterim artdy.

Antalýa mart aýynda dynç almaga gelen syýahatçylaryň sanynyň artmagyna Germaniýadan, Belgiýadan, Britaniýadan we Ysraýyldan gelen turistler sebäp boldy.

Mart aýynda Antalýa gelen syýahatçylaryň sany Germaniýadan 128 göterim, Belgiýadan 104 göterim, Britaniýadan 71 göterim we Ysraýyldan 120 göteriim artdy.

Görkezijiler şu ýylyň dünýä syýahatçylygynda Antalýa ýyly boljakdygyny görkezýär.



Degişli Habarlar