Türkiýä gelen turistleriň sany 35 göterim artdy

Türkiýä ýylyň ilkinji 2 aýynda gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 35 göterim artyp, 3 milliona ýetdi

941272
Türkiýä gelen turistleriň sany 35 göterim artdy

Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan ýanwar-fewral aýlary bilen bagly syýahatçylaryň sany çap edildi.

Şoňa laýyklykda Türkiýä ýylyň ilkinji 2 aýynda 2017-nji ýylyň ilkinji 2 aýyna garanyňda 35 göterimlik artyş bilen daşary ýurtly 3 million turist geldi.  

Ýanwar-fewral aýlarynda iň köp syýahatçy iberen ýurt 11,73 göterim bilen Eýran boldy.

Türkiýä 2 aýda 350 müň 421 eýranly turist geldi.

Ýylyň ilkinji 2 aýynda Türkiýä dynç almaga gelen syýahatçy sanawynda Gruziýa 10,29 göterimlik artyş bilen 2-nji oruna, Bolgariýa 7,4 göterimlik artyş bilen 3-nji oruna, Germaniýa 6,8 göterimlik artyş bilen 4-nji oruna, Russiýa 4,49 göterimlik artyş bilen 5-nji oruna mynasyp boldy.

Türkiýä 2018-nji ýylyň ilkinji 2 aýynda Gruziýadan 307 müň 447 adam, Bolgariýadan 231 müň 374 adam, Germaniýadan 196 müň 604 adam we Russiýada 134 müň 211 adam dynç almaga geldi.



Degişli Habarlar