Ýyldyrym: “Türkiýe ykdysadyýetde durnuklu ösüşini dowam etdirýär” diýdi

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Türkiýäniň ykdysadyýetde durnuklu ösüşini dowam etdirýändigini nygtady

920843
Ýyldyrym: “Türkiýe ykdysadyýetde durnuklu ösüşini dowam etdirýär” diýdi

Binali Ýyldyrym Ankarada Kiçi we orta ululykdaky kärhanalary goldaýyş we ösdüriş edarasynyň (KOSGEB) ýolbaşçylygynda geçirilen V Kobi we telekeçilik sylaglamak dabarasynda çykyş etdi.

Çykyşynda hususy pudagyň ykdysadyýetdäki paýynyň üstünde durup geçen we maýa goýumlaryň esasy böleginiň hususy pudaklaryň edýändigini aýdan Binali Ýyldyrym: “Türkiýäniň öwünip biljek, buýsanyp biljek bir hususy pudagy bar. Bu bolsa biziň gelejegimiziň güwäçisidir. Şol sebäpli Türkiýä aňsat-aňsat global, sebitleýin krizisler täsir ýetirmeýär we ykdysadyýetde durnukly ösüşini dowam etdirýär” diýdi.

2018-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkiýede 9 müň 631 sany täze kärhananyň gurulandygyny aýdan Ýyldyrym gurulan kärhanalaryň sanynyň dekabr aýyna garanyňda 61 göterim artandygyny habar berdi.

Türk senagatçysynyň mundan beýläk gelejegi hasaplap, şoňa görä maýa goýýandygyny, işini ulaltmak ýa-da iş gurmak isleýän ähli telekeçileriň öz işlerine gönügip bilýändigini aýdan Binali Ýyldyrym: “Biziň iň uly baýlygymyz adamlarymyzdyr. Nebite, tebigy gaza, almaza ynam bildriýänler belli bir wagt soň ökünip biler. Ýetişen adam baýlygyna eýe bolanlar, nesilden nesile bu baýlyk bilen ýoluny dowam etdirerler. Ahli adamlarymyza ynanýarys” diýdi.



Degişli Habarlar