Pars sowutly ulagy Omany haýran galdyrdy

Pars sowutly ulagynyň synagy Omanyň Nizwa şäherindäki synag meýdançasynda geçirildi

854668
Pars sowutly ulagy Omany haýran galdyrdy

Türkiýäniň goranmak senagatynyň öndüren ulaglar dünýäni haýran galdyrmagyny dowam etdirýär.

Türkiýäniň ýerli sowutly ulagy bolan Pars Omandaky synaglary üstünlikli geçdi. 

Pars sowutly ulagynyň synagy Omanyň Nizwa şäherindäki synag meýdançasynda geçirildi. 

Sowutly ulag kyn şertlerde hereket etmek we tapawutly nyşanalara oda açmak ukybyny görkezdi. 

Türgenleşige Omanyň Guryýer goşunlarynyň serkerdeleri we ýokary derejeli ofiserleri gatnaşdylar. 

Omanyň Ýaragly güýçleri bilen gol çekişilen şertnama laýyklykda 2020-nji ýyla çenli 172 sany sowutly ulag bermek meýilleşdirilýär. 

 


Etiketkalar: #Oman , #Pars , #sowutly ulag , #senagat

Degişli Habarlar