Bagdat bilen Erbiliň arasyndaky bujet krizisi…

Yrakda merkezi hökümetiň 2018-nji ýyldaky bujet taslamasynda Erbile bölünip berlen paýyň 5 göterim azaldylandygy ýüze çykdy

842569
Bagdat bilen Erbiliň arasyndaky bujet krizisi…

Yragyň mejlisinde taýarlanan 2018-nji ýylyň bujet taslamasy hakyndaky habarlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berilmegi bilen Yragyň Kürt Awtanomiýasyna bölünip berlen paýyň öňümizdäki ýyl 12,67 göterim azaldylmagy meýilleşdirilýär.

2004-nji ýyldan bäri Yragyň bujetiniň 17 göterimlik paýy Yragyň Kürt Awtanomiýasyna bölünip berilýärdi.

2018-nji ýylyň bujet taslamasy ýurduň jemi 3,8 million barrellik günlük nebit eksportuna esaslanýar.

Taýarlanan bujet taslamasynda ýurduň gündelik jemi nebit eksportynyň diňe 250 müň barrellik böleginiň Yragyň Kürt Awtanomiýasyna degişli nebit känlerinden çykarylýandygy nygtalýar, emma Kerkukdan çykarylýan nebitiň mukdarynyň günlük 300 müň barreldigi ýatladylýar.

Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň 25-nji sentýabrda geçiren bikanun garaşsyzlyk referendumyndan soň Kerkugyň başda durmagynda jedelleşikli sebitlerde gözegçiligi üpjün eden resmi Bagdat, bujeti aşaklatmak bilen Erbile garşy tutumyny açyk aýdyň beýan edýär.

Täze bujet taslamasyna görä, Yragyň Kürt Awtanomiýasy Bagdatdan 6,77 milliard dollarlyk paý alar. Sebitdäki gullukçylaryň ýyllyk aýlyk günlükleri bolsa diňe 8,47 milliard dollar.

 

 

 

 


Etiketkalar: #Yrak , #Bagdat , #Erbil , #býujet , #krizis , #göterim

Degişli Habarlar