Türkiýe awiasiýa pudagynda dünýäde 11-nji orny eýeleýär

Premýer ministr Ýyldyrym Türkiýäniň soňky 15 ýylda awiasiýa pudagynda dünýäde dessan ýazandygyny nygtady

816915
Türkiýe awiasiýa pudagynda dünýäde 11-nji orny eýeleýär

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym Türkiýäniň awiasiýa pudagynda dünýäde 11-nji, 28 Ýewropanyň ýurdunyň arasynda bolsa 5-nji orny eýeleýändigini aýtdy.

Premýer ministr Ýyldyrym Çanakkale howa menziliniň terminal binasynyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde Türkiýäniň soňky 15 ýylda awiasiýa pudagynda dünýäde dessan ýazandygyny nygtady.

Türk Howa Ýollarynyň Ýewropanyň howa ýoly taýdan ikinji uly firmasy ýagdaýyna gelendigini aýdan Ýyldyrym, THÝ-nyň şu günki günde 350 merkeze uçar saparlaryny guraýandygyny belledi.

Gönüden uçuş sanynyň 60- ýurtdan 159 ýurda göterlendigini aýdan Premýer ministr Ýyldyrym “Dünýäniň iň uly howa menzili Türkiýede gurulýan bolsa bu 15 ýyllyk üstünligiň netijesidir. Türkiýä hem şeýle uly howa menzili gelişer” diýdi.

Terminalyň Çanakkale düşümli bolmagyny arzuw eden Binaly Ýyldyrym şäheriň amala aşyryljak uçar saparlary bilen ykdysady we syýahatçylyk taýdan uly girdeji gazanjakdygyny nygtady.

 



Degişli Habarlar