BTJ bilen Jeýhana 365 million tonna nebit daşaldy

Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) nebit geçiriji turba bilen 2006-njy ýyldan bäri 365 million tonna nebit daşaldy

792369
BTJ bilen Jeýhana 365 million tonna nebit daşaldy

British Petroleum kärhanasynyň Azerbaýjandaky ofisi tarapyndan berilen beýanatda Baku-Tbilisi-Jeýhan BTJ nebit geçiriji turba liniýasyndan 2017-nji ýylyň ilkinji 6 aýynda takmynan 17 million tonna nebitiň daşalandygy mälim edildi.

Beýanatda Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) nebit geçiriji turba liniýasynyň gurulan ýyly bolan 2006-njy ýyldan şu günki güne çenli Jeýhan portyna daşalan nebitiň mukdarynyň bolsa 365 million tonna ýetendigi habar berildi.

Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) nebit geçiriji turba bilen esasan hem Azeri-Çyrak-Güneşli ýataklaryndan çykarylýan nebit we Şahdeniz ýatagyndan çykarylan kondensat daşalýar.

1768 km uzynlygyndaky bu geçiriji bilen diňe Azerbaýjanyň nebiti däl, eýsem Türkmenistanyň we Gazagystanyň nebiti hem daşalýar.


Etiketkalar: #Baku , #Tbilisi , #Jeýhan , #port , #nebit

Degişli Habarlar