Ýylyň birinji çärýeginde 1,5 milliona golaý adam täze iş mümkinçiligine eýe boldy

Türkiýäniň Hasabat Guramasynyň görkezijilerine görä geçen ýylyň ahyrynda 26,7 million adam iş bilen üpjün edilen bolsa, üstümizdäki ýylyň aprel aýynyň ahyrynda ýene-de 1,5 million golaý adam iş bilen üpjün edildi

772612
Ýylyň birinji çärýeginde 1,5 milliona golaý adam täze iş mümkinçiligine eýe boldy

Şeýlelikde aprel aýynyň ahyrynda iş bilen üpjün edilenleriň sany 28,15 million adama ýetdi. Şol döwürde işsizleriň sany bolsa 3,28 milliona barabar boldy.

İş üpjünçiliginiň artmagynda Prezident R.T.Erdoganyň 7-nji aprelde Türkiýäniň Ykdysadyýet Geňeşiniň maslahatynda sözlän sözünde iş üpjünçiliginiň ýaýbaňlandyrylmagy üçin täze başlangyçlaryň başyny başlatmagynyň we hökümetiň yglan eden höweslendiriş bukjasynyň goşandy uly boldy.

Ziraat bankynyň ykdysadyýetçisi Bora Tamer Ýylmaz bolsa Türkiýede durmuşa geçirilýän maliýe düzgünleriniň we iş üpjünçiligi mobilizlenmesiniň synçylary geň galdyrjak görnüşde garaşylýanyndan has ýokary ösüşiň amala aşyrylandygyny nygtap; “Ýylyň birinji çärýeginde ykdysadyýet 5 göterim ösüş edip, 500 müňe golaý adam iş bilen üpjün edildi. Şeýlelikde işsizlik mukdary 11,9 göterimdem 11,3 göterime çenli aşaklady” diýdi.

 



Degişli Habarlar