Gazpromyň Türkiýä tebigy gaz eksporty artdy

Russiýanyň Gazprom kärhanasynyň Türkiýä iberýän tebigy gazy şu ýylyň 1-nji ýanwar-15-nji iýul aralygynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 22 göterim artdy

772889
Gazpromyň Türkiýä tebigy gaz eksporty artdy

Gazpromdan berilen beýanata görä kärhananyň käbir ýurtlara edýän tebigy gaz eksporty artdy.

Kärhana 1-nji ýanwar-15-nji iýul aralygynda eden tebigy gaz eksporty Wenegriýa 26,6 göterim, Serbiýa 47,9 göterim, Bolgariýa 12,6 göterim we Gresiýa 10 göterim artdy.

Şol döwürde kärhananyň Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna agza ýurtlardan başga ýurtlara eden tebigy gaz eksporty 12,3 göterim artyp, 102,9 milliard kub metre ýetdi.

Ady agzalan döwürde Gazpromyň Türkiýä satýan tebigy gazyň mukdary bolsa 22 göterim artdy.



Degişli Habarlar